Awazada türkmen türgenlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

  • 03.08.2022 12:25
  • 29k+

Şu gün - 3-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda iri sport ýaryşlarynda — Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça guralan «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda şu günler zähmet rugsadynda bolýan ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary Diýarymyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitleri we gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Çäräniň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. 

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medallara mynasyp bolan türgenler Medine Amanowa hem-de Saparly Muhyýew, Russiýa Federasiýasynda guralan «Ýüpek ýoly — 2022» halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew bar. Türgenlere dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerine döwlet Baştutanynyň adyndan «Nissan Pathfinder» sport awtoulagynyň açarynyň berilmegi bolsa türgenlerde aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. 


şu gün 16:01
6.8k+

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

şu gün 13:24
10k+

1-nji maýdan alkogol we temmäki önümleriniň dolanyşygy üçin jogapkärçilik güýçlendiriler

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanda goşmaça salgyt bellenen harytlaryň söwdasy ulgamyny düzgünleşdirýän kanunçylyga girizilen üýtgetmeler güýje girýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

düýn 19:50
22k+

Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli täze kadalar 1-nji maýdan güýje girer

Türkmenistanyň Prezidenti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky resminama gol çekdi. Resminama ýollarda birnäçe düzgün bozulmalary üçin jogapkärçiligiň......

15.04.2026 15:51
2.6k+

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

25-nji aprelde Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar. Onuň dowamynda Adalat ministrliginiň, prokuraturanyň we kazyýetiň hünärmenleri raýatlaryň hukuk bilen bagly soraglaryna jogap......