Nunýes Penýany ýeňip, UFC-niň çempionlyk guşagyny gaýtaryp aldy

  • 31.07.2022 16:54
  • 12k+

Garyşyk söweş stiliniň braziliýaly wekili Amanda Nunýes Dallasda (ABŞ) geçirilen UFC 277 ýaryşynyň esasy duşuşygynda amerikaly Julianna Penýany ýeňdi.

Iň ýeňil agram kategoriýasynyň wekilleriniň duşuşygy bäş raundlap dowam etdi. Eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňiş Nunýese bagyşlandy. Netijede Braziliýanyň wekili UFC-niň çempionlyk guşagyny gaýtaryp aldy. Nunýes 2021-nji ýylyň dekabrynda Penýadan asgyn gelip, bu guşakdan mahrum bolupdy.
Indi Nunýesiň hasabynda garyşyk söweşlerde 22 ýeňiş we bäş sany ýeňliş bar. Penýa, öz gezeginde, karýerasynda bäşinji gezek ýeňildi we 12 gezek ýeňiş gazandy.


18.06.2026 22:41
8.4k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......