ABŞ-nyň ýaşaýjysy 2 dollara petek alyp, lotoreýadan 1,3 mlrd dollar utdy

  • 31.07.2022 16:29
  • 26k+

ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň ýaşaýjysy Mega Millions lotereýasynda 1 mlrd 337 mln dollar utdy diýip, lotereýanyň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

«29-njy iýulda geçirilen oýunda bir petekde sanlaryň altysy hem gabat geldi we petegiň eýesine 1,337 mlrd dollar möçberinde baýrak getirdi» diýip, bäsleşigiň guramaçylary habar berdiler.

Ýeňiji alty sanyň altysynam — 13, 36, 45, 57 we 67 belgidäki ak şarlary we № 14 belgili altyn şary bildi. Petek satyn alýan adam belgileri özbaşdak saýlaýar. Bir petegiň bahasy 2 dollar.
Agentligiň maglumatlaryna görää, utuşly petek Çikagonyň eteginde Des-Pleýns şäherinde Ist-Tuhi-awenýuda Speedway ýangyç guýujy bekedindäki minimarketde satyldy. Ýeňiji eline nagt görnüşde 780,5 mln dollary alar.


düýn 14:05
4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......