ABŞ-nyň ýaşaýjysy 2 dollara petek alyp, lotoreýadan 1,3 mlrd dollar utdy

  • 31.07.2022 16:29
  • 26k+

ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň ýaşaýjysy Mega Millions lotereýasynda 1 mlrd 337 mln dollar utdy diýip, lotereýanyň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

«29-njy iýulda geçirilen oýunda bir petekde sanlaryň altysy hem gabat geldi we petegiň eýesine 1,337 mlrd dollar möçberinde baýrak getirdi» diýip, bäsleşigiň guramaçylary habar berdiler.

Ýeňiji alty sanyň altysynam — 13, 36, 45, 57 we 67 belgidäki ak şarlary we № 14 belgili altyn şary bildi. Petek satyn alýan adam belgileri özbaşdak saýlaýar. Bir petegiň bahasy 2 dollar.
Agentligiň maglumatlaryna görää, utuşly petek Çikagonyň eteginde Des-Pleýns şäherinde Ist-Tuhi-awenýuda Speedway ýangyç guýujy bekedindäki minimarketde satyldy. Ýeňiji eline nagt görnüşde 780,5 mln dollary alar.


07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

04.03.2026 16:34
4.3k+

Meşhur Jeep öndürijisi taryhyndaky ilkinji ýyllyk zyýanyny mälim etdi

Stellantis awtoulag konserni öz taryhynda çeken ilkinji ýyllyk zyýany barada habar berdi. CNBC-niň habaryna görä, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça kompaniýa 26,3 milliard dollar zyýana galdy. Ýitginiň esasy sebäbi elektromobilleriň önümçiligine çalt depginde geçmek üçin gönükdirilen maýa goýumlarynyň hatardan çykmagy boldy...

01.03.2026 13:01
3k+

Subaru ýangyç bakynyň gapagy sebäpli 69 müňden gowrak krossoweri yzyna çagyrýar

Subaru kompaniýasy ABŞ-da 69 153 gibrid krossoweri yzyna çagyrýar. Yza çagyryş 2026-njy ýylyň Crosstrek Hybrid we 2025-nji ýylyň Forester Hybrid modellerine degişlidir. Yza çagyryş ýangyç bakynyň gapagyndan ýangyjyň syzmagynyň mümkindigi sebäpli geçirilýär...

15.02.2026 10:24
9.9k+

ABŞ-da maşynlarda hiç kimiň halamaýan "Start-stop" ulgamyndan el çekdiler

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi (EPA) 2009-njy ýylda Prezident Barak Obamanyň döwründe parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen kabul edilen karary ýatyrdy. CBS News neşiriniň habar bermegine görä, indi awtomobil öndürijileri ulaglarynda "start-stop" ulgamyny ulanandyklary üçin ekologik bonuslary we ýeňillikleri alyp bilmezler...