ABŞ-da 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingi düzüldi

  • 19.06.2025 11:14
  • 6.5k+

ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygy instituty (IIHS) 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingini hödürledi. Iň ýokary Top Safety Pick we Top Safety Pick+ bahalaryny diňe iki awtomobil aldy. Bu Toyota Tundra-nyň Crew Cab wersiýasy we Rivian R1T elektrik pikapy boldy. Modelleriň ikisi-de kraş synaglarynda gowy netijeleri, pyýadalaryň gowy goragyny we howpsuzlyk ulgamlarynyň ygtybarly işleýşini görkezdi.

Şeýle-de, sanawa Toyota Tacoma, Ford F-150, Hyundai Santa Cruz, Honda Ridgeline, Ram 1500, Nissan Frontier, Ford Maverick we Jeep Gladiator girdi. Bu ulaglarda käbir kemçilikler bar. Esasy bellikler yzky ýolagçylaryň goragynyň gowşaklygy, köne platformalar we faralaryň ýagtylygynyň pesligi (gije howpsuzlygy peseldýär) bilen baglanyşykly boldy.
Aýratynam, Ford F-150 gapdal urgusynda yzky ýolagçyny goramakda ýaramaz netije görkezdi. Jeep Gladiator bolsa hiç hili kämilleşdirmesiz 2023-nji ýyldaky derejäni berdi.
Oňyn mysallaryň arasynda ýokary hilli faralary bolan Hyundai Santa Cruz we ABŞ-da mehaniki hereket gutuly ýeke-täk pikap bolup galan Toyota Tacoma bar.
Netijeler awtomobil saýlananda diňe bir tehniki aýratynlyklary we dizaýny däl, eýsem sürüjiniň, ýolagçylaryň we pyýadalaryň gorag derejesini-de göz öňünde tutmalydygyny görkezýär. 


düýn 15:11
2.8k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
2.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 15:49
4.4k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......