Volkswagen Flying Tiger aerotaksisini görkezdi

  • 30.07.2022 14:31
  • 9.3k+

V.MO — iki sany П görnüşli pilona «asylan» kabinaly adaty däl gurluşly kopterdir. Gabarasy 11,2 x10,6 metr bolan prototip sekiz sany göteriji we iki sany çekiji wint bilen enjamlaşdyrylan.  

Flying Tiger-iň tapgyrlaýyn görnüşi, işläp taýýarlaýjylaryň hasaplamalaryna görä, dört sany ýolagçyny 200 kilometr aralyga akkumulýatorlaryna bir gezek berlen zarýady bilen äkidip biler. Beýleki tehniki häsiýetnamalary häzirlikçe aýan edilmeýär. Şunlukda, täze ulagyň gurluşynyň esasan akkumulýator tehnologiýasynyň we özbaşdak dolandyryşyň çäginde tapgyrlaýyn çözgütlere daýanýandygy barada eýýäm VW-da mälim etdiler.
Synag uçuşlarynyň dowamynda alnan maglumatlary 2023-nji ýylda gurulmagy meýilleşdirilýän ondanam has kämil prototipiň esasyna goýarlar. V.MO-nyň haçan tapgyrlaýyn çykjagy heniz takyk aýdylmaýar, şeýle-de bolsa, geljekde şunuň ýaly awiasiýa islegli ulag serişdesine öwrüler. Aerotaksi Hytaýyň megapolislerinde ýygy-ýygydan gabat gelýän uly dykynlaryň döremeginiň öňüni alar.


03.07.2025 18:20
2.7k+

Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar

Volkswagen ýolagçy howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik sebäpli dünýäde 16 510 ulagy yzyna çagyrmaklyga girişdi. Kompaniýada kemçiligiň gaz generatory bilen baglanyşyklydygyny, onuň çaknyşyk wagtynda zerur goragy üpjün edip bilmejekdigini habar berdiler...

03.07.2025 10:54
4.5k+

Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder

Volkswagen, BMW, Mercedes-Benz we başga-da Germaniýanyň sekiz kompaniýasy, şol sanda Bosch we ZF awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekişdiler...

07.06.2025 11:53
3.2k+

Volkswagen gümrük paçlarynyň peseldilmegine umyt baglap, ABŞ-daky zawodlaryna maýa goýmaga karar berdi

Volkswagen kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwer Blýume konserniň ABŞ-a uly möçberde maýa goýjakdygyny mälim etdi. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu ädim bilen Prezident Donald Trampyň martda awtoulaglara girizilen 25 göterimlik gümrük paçlaryna täzeden seretmegine garaşýar...

21.05.2025 15:57
2.8k+

Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy

Volkswagen iki sany täze ýörite modeli - Black Edition Plus-y we Style Design-y goşmak bilen, Beýik Britaniýada T-Roc krossoweriniň hataryny giňeltdi. Iki görnüş hem bahany ýokarlandyrmazdan goşmaça opsiýalara eýe boldy...