Eýran gazynyň eksporty 4 aýda 4 milliard dollara ýetdi

Eýran gazynyň eksporty 4 aýda 4 milliard dollara ýetdi

Eýran senenamasy boýunça üstümizdäki 1401-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň içinde (21 mart - 22 iýul) Eýran dört milliard dollarlyk töweregi tebigy gazy eksport etdi diýip, çarşenbe güni Nebit ministri Jawad Oujiniň mälim edendigini Iran.ru habar berýär. 

"Biz ýylyň başky dört aýynyň içinde gazyň söwdasyndan dört milliard dollar töweregi pul jemledik, bu tutuş geçen ýylyň dowamynda ýygnalan pula barabar diýen ýalydyr" - diýip, ISNA Oujiniň sözlerini getirýär.

Nebit ministrligi ozal eksport edilen ýangyçlardan galan serişdeleriň puluny hem alyp bildik we aprel aýynda Yraga gaz ugratmagy dikeltmek barada ylalaşyk gazandyk, sebäbi Bagdat Tährana bergisiniň bir bölegini geçirdi - diýip mälim edýär.
Eýran gazy, esasanam, Türkiýä we Yraga eksport edýär, ýöne karzlaryny üzmek, içerki islegiň talaplary we tötänden ýüze çykan tehniki kynçylyklar sebäpli  durnukly söwdany yzygider ýola goýup bolmandyr. Mysal üçin, garaşylmadyk ýerden ýüze çykan tehniki mesele sebäpli gyşyň içinde Türkiýä goýberilýän eksportyň wagtlaýyn arasyny kesmeli bolupdyr.