Raşid Meredow Türkmenistandaky özbek ilçisi bilen duşuşdy

  • 28.07.2022 19:23
  • 9.1k+

28-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşygy geçirildi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, duşuşygyň dowamynda diplomatlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-15-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi we gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilişi barada maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýokarda agzalan resminamalaryň ýerine ýetirilmeginiň kanuny esaslaryny kämilleşdirmek, hususan-da, syýasy gepleşikler, parlamentara we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça hem-de maýa goýum taslamalarynyň we iki ýurduň arasyndaky söwda ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly «Ýol kartalary» barada pikir alyşdylar.


düýn 23:15
1.4k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....