ABŞ-nyň Prezidenti Baýdene hormatly koreý ady dakyldy

ABŞ-nyň Prezidenti Baýdene hormatly koreý ady dakyldy

Günorta koreý-amerikan dostluk bileleşiginiň assossiasiýasy ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene hormatly koreý adyny dakdy we ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşindäki Hindi-Ýuwaş ummany sebitiniň işleri boýunça utgaşdyryjysy Kurt Kempbelle degişli sertifikaty gowşurdy. 

Koreýçe Baýdene Pe Çži Son diýip at goýdular. Pe familiýasy Phenthek şäheriniň adyndan alnan, ol ýerde Amerikanyň Günorta Koreýadaky goşunlarynyň bazasy ýerleşýär, iki ieroglifden ybarat bolan Çži Son ady bolsa "territoriýa" we "ýyldyz" diýmekligi aňladýar. 
Baýdene koreý adyny dakmaklyk 27-nji iýulda bellenýän, 1950-1953 ýyllaryň Koreý urşunda ýaraşyk baglaşylmagynyň ýyllygyna gabatlanyldy.   
Baýden assosiasiýa tarapyndan koreý atlary dakylan ABŞ-nyň onlarça ýokary wezipeli adamlarynyň biridir. Mysal üçin, Barak Obama O Han Ma diýen ady, Donald Trampa bolsa U De Il diýen ady dakypdylar.