ABŞ orbitadaky obýektlere gözegçilik etmegiň täze ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

  • 16.12.2024 23:06
  • 3.1k+

ABŞ Ýeriň orbitasyndaky obýektlere gözegçilik etmek üçin Silent Barker hemra ulgamyny işläp taýýarlaýar. Bu barada Amerikanyň Kosmos güýçleriniň ýolbaşçysy general Stiwen Uaýting Florida ştatynyň Orlando şäherinde geçirilen Kosmos güýçleri assosiasiýasynyň kongresinde eden çykyşynda aýtdy.

Uaýtingiň aýtmagyna görä, ulgamyň ilkinji hemralary 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda uçuryldy we häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Enjamlaryň takyk sany aýdylmaýar, ýöne olaryň azyndan ikidigi bellenilýär.
2025-nji ýylda hemralary synag ulanylyşyna goýbermek meýilleşdirilýär.

“Synagdan we barlagdan geçenden soň, olardan maglumatlar biziň operatiw maglumat bazalarymyza gelip başlar” – diýip, Defense News neşiri Uaýtingiň sözlerini getirýär.

Ulgamyň doly işe girizilmegi 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär.
Silent Barker, takmynan, 35,4 müň kilometr belentlikde geosinhron orbitada işlär. Bu maksatnamanyň çäklerinde giňeldilen hemra toparyny döretmek üçin täze uçuryşlar hem göz öňünde tutulýar.


düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......