Aston Martin täze logotipini görkezdi

Aston Martin täze logotipini görkezdi

Aston Martin britan kompaniýasy öz täze logotipi bilen tanyşdyrdy. Bu kompaniýanyň hereket eden 109 ýylynyň içinde logo markasyny bary-ýogy sekizinji gezek täzeleýşidir (soňky gezek 2003-nji ýylda täzelenipdi).

Dogrusy, logotipe üýtgeşik bir täzelik girizilmedi. Ol öňküsi ýaly, ýokarky bölegi Aston Martin diýen ýazgyly ganatdan ybarat. Emma, britan kompaniýasynyň wekilleriniň aýdyşy ýaly, logotip indi öňküsine görä has döwrebap we täsin görünýär.  Logotipi döretmek işi bilen britaniýaly dizaýner Piter Sewill meşgullandy.

"Aston Martin ganatlarynyň täzelenmegi -  logotipleriň ösüşine zerur bolan nusgawy mysaldyr. Ujypsyzja, ýöne zerur düzedişler diňe bir daş keşbiň wajyplygyny saklaman, eýsem, geljekde täze tehnologiýalary, ýagdaýlary we goşundylary hem ulanmaga mümkinçilik berýär " - diýip, Piter Sewill nygtaýar. 

Britan markasynyň habarynda awtoulaglar üçin logotipleriň Birmingemdäki Vaughtons kompaniýasynda el güýji bilen taýýarlanar diýip aýdylýar. Kompaniýa 203 ýyldan bäri bar we öz wagtynda 1908-nji ýylda Londonda geçen Olimpiýa oýunlary üçin medallary taýýarlapdy.