Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn dosty Şawkat Mirziýoýewi telefon arkaly hem gutlady

  • 25.07.2022 08:59
  • 20k+

24-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň parasatly baştutanlygynda Özbegistan Respublikasy ägirt uly özgertmeleri amala aşyryp, ösüşiniň täze tapgyrynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna Özbegistanyň Baştutanynyň aýratyn üns berýändigini hem-de şahsy goşandyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bilelikde uly tagallalaryň edilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparyny ýatlady. Onuň barşynda gazanylan ylalaşyklar häzir mynasyp derejede durmuşa geçirilip başlandy. Häzirki wagtda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli, oňyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, serhetýaka sebitleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär, medeni-ynsanperwer we ylym ulgamlarynda özara hereketler, parlamentara gatnaşyklar üstünlikli pugtalandyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeldip, döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge ikitaraplaýyn çemeleşmeleri has-da ýakynlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermek üçin geljekde-de ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.


18.06.2026 22:09
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......