Maklaflin 400 metre päsgelçilikli ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 24.07.2022 23:58
  • 9.1k+

Sidni Maklaflin şenbä geçilen gije ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda 400 metre päsgelçilikli ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy diýip, TASS habar berýär. 

22 ýaşly türgen bellenen aralygy 50,68 sekuntda geçip, dünýä çempiony boldy. Öňki goýlan dünýä rekordy hem onuň özüne degişlidi, ol ony ABŞ-yň iýunda geçen çempionatynda bellenen aralygy 51,41 sekuntda geçmek bilen gazanypdy
Şeýle hem Maklaflin iki gezek olimpia çempiony hasaplanýar. Ol Tokioda geçen Oýunlarda hem 4x400 metrlik estafetada altyn medala mynasyp bolupdy. Türgen zenan 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynda päsgelçilikli 400 metre ylgamakda we agzalan turniriň 4x400 metrlik estafetasynda hem altyn medallaryň eýesi bolupdy. 


düýn 21:49
1.6k+

Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

28.06.2026 23:41
6.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

26.06.2026 23:43
9.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....