Serdar Berdimuhamedow sebit ýurtlaryny Türkmenistanyň täze Kararnamalaryny goldamaga çagyrdy

Serdar Berdimuhamedow sebit ýurtlaryny Türkmenistanyň täze Kararnamalaryny goldamaga çagyrdy

21-nji iýulda Çolpon-Atada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda: “Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek hem-de Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary taýýarlaýar” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu oňyn teklipleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirýändigini nygtady.

Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, halkara syýasatda we ykdysadyýetde çökgünlik ýagdaýlary bilen baglylykda, häzirki wagtda medeniýetiň dialogy baradaky meselä ünsi çekip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birek-birek bilen özara gatnaşyklarda hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini görkezmelidirler hem-de bu pikirleri halkara giňişlikde işjeň ilerletmelidiklerini belledi.