Şri-Lankanyň wagtlaýyn Prezidenti Wikramasinghe döwlet Baştutany saýlandy

  • 22.07.2022 13:40
  • 10k+

Şri-Lankanyň Parlamenti ýurduň wagtlaýyn Prezidenti Ranil Wikramasingheni döwlet Baştutany saýlady diýip, Associated Press habar berýär.

73 ýaşly syýasatçy 134 ses aldy, onuň iň ýakyn garşydaşy — HBS işleri boýunça öňki ministr Dulla Allahaperuma — 82 ses aldy.
Wikramasinghe şu ýylyň maý aýyndan bäri premýer-ministr wezipesini eýeleýärdi. Iýul aýynda ol Şri-Lankanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirip başlady.
Geçen hepdede ýurduň öňki Prezidenti Gotabaýa Rajapaksa Parlamentiň başlygyna wezipesinden aýrylýandygy barada habarnama ugratdy. Habaryň hakykylygyny barlandan soň, Parlamentiň başlygy Rajapaksanyň wezipesinden aýrylmagyny tassyklady.
Şri-Lanka 1948-nji ýylda Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny alanyndan bäri, iň agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýär.


07.04.2026 21:02
2.2k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...