2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň senesi belli boldy

  • 20.07.2022 15:04
  • 7.1k+

Los-Anjelesdäki 2028-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary 14-nji iýuldan 30-njy iýul aralygynda geçiriler diýlip, ýaryşlary guraýjylaryň resmi saýtynda habar berilýär. Muny sportmail.ru ýetirýär.

Seneler Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah bilen 2028-nji ýyldaky Oýunlaryň koordinasiýa komissiýasynyň başlygy Nikol Howerts amerikan şäherine baryp görenden soň yglan edildi. 
Los-Anjelesdäki Paralimpiada 15 – 27-nji awgusta meýilleşdirilýär.
Los-Anjeles 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda 2028-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hojaýyny diýlip yglan edildi. Şäher Olimpiadany öň iki gezek kabul etdi – 1932-nji we 1984-nji ýyllarda. Iki ýagdaýda-da bular tomusky Oýunlar bolupdy. 


düýn 20:10
4.8k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......