Içerki sarp edijiler üçin nebit önümleriniň möçberine üýtgetmeler girizildi

Içerki sarp edijiler üçin nebit önümleriniň möçberine üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine degişli üýtgetmeler we goşmaça girizildi. Bu baradaky degişli Karara 18-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

18-nji iýulda häkimleriň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda, ýer böleklerini alan daýhan hojalyklaryny we önüm öndürijileri goşmaça goldamak göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, olaryň tehnikalary üçin zerur bolan dizel ýangyjyny ýurdumyzyň içerki sarp edijileri üçin tassyklanan bahalar boýunça ýerlemek bellenilýär. Bu bolsa oba hojalyk önümleriniň bol öndürilip, halkymyzyň saçaklaryryň has-da bereketli bolmagyna mümkinçilik berer diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.