«Time» žurnaly Özbegistany syýahatçylyk üçin iň gowy ýerleriň biri diýip yglan etdi

«Time» žurnaly Özbegistany syýahatçylyk üçin iň gowy ýerleriň biri diýip yglan etdi

“Time” amerikan žurnaly 2022-nji ýyl üçin “Dünýäniň iň beýik ýerleriniň” (The World’s Greatest Places) sanawyny hödürledi. Neşiriň pikiriçe, bu sanawa üns berilmäge mynasyp 50 ýer, şol sanda Özbegistan hem girdi. Bu barada centralasia.media habar berýär.

Materialda syýahatçylar üçin täze we özüne çekiji täsirleri döretjek ýerler görkezildi. Žurnal şu güýzde Samarkantda 640 gektar meýdany eýeleýän “Ýüpek ýoly” toplumynyň açyljakdygyny habar berýär. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy otelleriniň hataryna girýän 22 gatly Samarkand Regency Amir Temur we ýene ýedi myhmanhana ýerleşer. 
Neşiriň habarçylary 2011-nji ýylda ýokary tizlikli otlularyň peýda bolmagy netijesinde Özbegistandaky ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektlerine baryp görmegiň has aňsatlaşandygyny belleýärler.
Materialda Samarkantdaky şu ýyl açylan we açyk kitaby ýada salýan howa menziliniň täze terminaly hem bellenilip geçildi.
Şeýle-de, sanawa Ras-el-Haýma (Birleşen Arap Emirlikleri), Galapagos adalary, Seul (Günorta Koreýa), Doha (Katar), Walensiýa (Ispaniýa), Bali (Indoneziýa), Maýami (ABŞ), Kalabriýa, Stambul (Türkiýe) we Saloniki (Gresiýa) girizildi.