Täze Hummer edinmek üçin indi 17 ýyllap nobata durmaly bolar

  • 06.07.2022 09:54
  • 29k+

Täze GMC Hummer EV wnedorožnigini edinmek üçin häzirki wagtda 17 ýyl töweregi nobata durmaly: Wall Street Jounal neşiriniň habar bermegine görä, önümçiliginiň häzirki göwrüminde ähli alnan sargytlary ýerine ýetirmek üçin,  GM konsenine hut şonça ýyl gerek bolar.  

2022-nji ýylyň iýulyndaky ýagdaýa görä, GM-nyň dilerleri Hummer EV üçin 77 müň sargyt aldylar, emma kompaniýa welin, gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy 12 awtoulag goýberýär, görnüşi ýaly, bu islegi kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däl. Önümçiligiň göwrüminiň şeýle ujypsyzlygy bu ulag üçin niýetlenen elektron şaý toplumlarynyň we akkumulýatorlaryň ýetmezçiligi bilen baglydyr (Hummer EV-e LG-iň işläp taýýarlan batareýalary goýulýar).  
Gaýtadan dikeldilen "Hummeriň" ilkinji görkezilişiniň 2021-nji ýylda geçendigini, üstesine, täze modeliň elektromobil hasaplanýandygyny ýatlalyň. Onuň top wersiýasy kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolan üç hereketlendiriji bilen üpjün edilendir. 
Akkumulýatorlary bir gezek berlen zarýad bilen 550 km töweregi ýol geçip bilýär. 


şu gün 01:43
532

BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär

BYD hytaý kompaniýasy 2027-nji ýylda aşa berk (solid-state) akkumulýatorly elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlajakdygyny mälim etdi. Täze tehnologiýa bilen ulaglar 1000 km-den gowrak ýol aralygyny geçer hem-de 12 minutdan az wagtda doly zarýadlanar...

08.07.2025 17:44
4.6k+

Xiaomi YU7 krossowerine nobat 62 hepdä çekýär

Xiaomi kompaniýasy özüniň ikinji modeli bolan YU7 elektrokrossoweriniň ibermelerine başlady. Ilkinji awtoulaglar Hytaýyň 58 şäherindäki eýelerine gowşuryldy. Emma ýokary isleg we önümçilik kuwwatynyň çäklidigi sebäpli, bu ulagyň esasy görnüşi üçin garaşmaly wagt 62 hepdä ýetdi diýip, «Cnevpost» habar berýär...

07.07.2025 10:42
2.1k+

Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplary üçegiň howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli yzyna gaýtarylýar

General Motors üçege gurnalan gapdal howpsuzlyk ýassyklarynyň çişirilýän modullary bilen bagly bolup biljek näsazlyk sebäpli 2018-2019-njy ýyllaryň Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplarynyň yzyna ýygnalýandygyny habar berdi...

06.07.2025 15:41
3.4k+

Tesla-nyň satuwy 13% pese gaçdy, kompaniýa kyn döwri başdan geçirýär

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Tesla 384 122 awtomobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 13% azdyr. Kompaniýa yzygider ikinji çärýek satuwyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ösüşe gaýdyp gelmek üçin, kompaniýa ýylyň ikinji ýarymynda tas 110 000 ulag artyk satmaly diýip, Bloomberg ýazýar...