Türkiýe iýunda eksportyň aýlyk görkezijisi boýunça rekord goýdy

  • 03.07.2022 18:11
  • 9.5k+

2022-nji ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň eksport möçberi 23,4 mlrd dollar boldy, bu bolsa ýurduň taryhynda rekord derejeli aýlyk görkezijidir. Bu barada respublikanyň söwda ministri Mehmet Muş aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“2022-nji ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň eksport möçberi 23,4 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli aýyndaky görkezijiden 18,5% ýokarydyr. Iýun aýynda eksport möçberi Türkiýäniň taryhynda daşary ýurtlara iberilişiň iň ýokary aýlyk görkezijisi boldy. 2021-nji ýyldan bäri dowam edýän eksportyň ösüş tendensiýasy şu ýyl hem saklanýar” – diýip, Anadolu agentligi onuň sözlerini getirýär.

Muş birinji ýarymýyllykda türk eksportynyň möçberiniň 126 mlrd dollara barabar bolandygyny hem belledi. Iýun aýynda türk importynyň möçberi 40% ýokarlanyp, 31,6 mlrd dollara ýetdi, şolardan 8,1 mlrd dollar energiýa göterijilerini satyn alyşlaryň paýyna düşdi.


05.07.2025 04:39
5.1k+

Stambul Sergi Merkezinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

2-5-nji iýul aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. Stambul Sergi Merkezinde türkmen önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli...

30.06.2025 10:10
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe bilen gatnaşyklary ösdürmäge şahsy goşandy üçin Ärdogana minnetdarlyk bildirdi

29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär...

30.06.2025 09:58
5.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdy

29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilip, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar...

30.06.2025 09:54
6.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde “Çalyk Holdingiň” goşandyny belledi

29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür türkmen halkynyň Milli...