Hytaý daşary ýurtlular üçin merkezleşdirilen karantini ýedi güne çenli azaldar

  • 01.07.2022 09:42
  • 8.3k+

Hytaý häkimiýetleri daşary ýurtlardan gelýän raýatlar üçin merkezleşdirilen karantiniň wagtyny 14 günden ýedi güne çenli azaldar. Bu barada HHR-iň Arassaçylyk we saglygy goraýyş meseleleri boýunça döwlet komitetiniň saýtynda ýerleşdirilen resminamada aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Öň daşary ýurtlardan gelýän raýatlar 14 günlük hökmany karantinden geçip, şondan soň ýedi günüň dowamynda öýde öz saglyk ýagdaýlaryna seretmeli bolýardylar. Hytaýyň çägine girilen ýagdaýynda Pekinde merkezleşdirilen karantiniň möhleti 10 gündi, şondan soň ýedi gün öýde izolýasiýada bolmalydy.
Komitetiň habar berşi ýaly, hökmany karantin ýedi güne, öý izolýasiýasy üç güne çenli azaldylar. 10 günüň dowamynda raýatlar jemi alty PZR-barlagyny tabşyrmaly bolar: merkezleşdirilen karantiniň birinji, ikinji, üçünji, bäşinji we ýedinji günleri, şeýle-de öý izolýasiýasynyň üçünji güni. Barlag bokurdakdan çalmak arkaly amala aşyrylar.
Resminamada görkezilişi ýaly, bu çäreler diňe bir daşary ýurtlardan gelen raýatlara däl-de, eýsem HHR-iň çäginde bolan we koronawirus keselli bilen aragatnaşyk sebäpli merkezleşdirilen karantine ýerleşdirilen adamlara hem degişlidir. Olar üçin merkezleşdirilen karantiniň möhleti ýedi gün, öý izolýasiýasynyň möhleti üç gün bolar. 


18.06.2025 10:22
4.2k+

Hytaýly alymlar doňuz düwünçeginde adam ýüregini ösdürip ýetişdirdiler

  Hytaýly alymlar doňuz düwünçekleriniň içinde kiçijik adam ýürekleriniň ösdürilendigini habar berdiler. Bu baradaky maglumatlar sütün öýjükleriniň barlagy boýunça halkara jemgyýetiniň mejlisinde hödürlendi diýip, Nature žurnaly ýazýar...

23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

23.05.2025 11:44
4k+

Hytaýyň dermany rak keseliniň üç görnüşine garşy göreşmekde oňyn netijeleri görkezdi

Hytaýyň Gonkong uniwersitetiniň barlagçylary D3S-001 dermanynyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyryny tamamladylar. Derman ownuk däl öýjükli öýken, kolorektal we KRAS-G12C mutasiýaly aşgazan asty mäziniň çişlerini (rak keseli) bejermek üçin niýetlenendir diýip, South China Morning Post habar berýär...

16.04.2025 18:42
9.1k+

Hytaýda bir çaga magnit lewitasiýaly örän ýeňil ýürek oturdyldy

Uhandaky Tunszi lukmançylyk kollejiniň ýanyndaky Bileleşik hassahanasynyň lukmanlary özboluşly operasiýa geçirdi. Olar ýedi ýaşly çaga magnit lewitasiýaly emeli ýüregi oturtdy. Bu ýüregiň agramy bary-ýogy 45 gram bolup, diametri 2,9 sm ýetýär...