Türkiýede 1 mlrd dollarlyk nebit gorlary ýüze çykaryldy

Türkiýede 1 mlrd dollarlyk nebit gorlary ýüze çykaryldy

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Adana şäherindäki iki guýudan ýokary hilli nebitiň tapylandygyny we onuň gorlarynyň bir mlrd dollar bilen bahalandyrylýandygyny aýtdy. Bu barada “16haber” neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Şeýle-de, döwlet baştutany ýurduň häzirki ykdysady ýagdaýy barada belläp, raýatlary birneme sabyr etmäge çagyrdy. “Biz 2023-nji ýylyň fewral – mart aýlaryna çenli inflýasiýanyň derejesini ep-esli peselderis” – diýip, ol aýtdy.
Maý aýynyň netijesine görä, Türkiýede ýyllyk inflýasiýa 73,5 göterime ýetip, 24 ýylyň içinde rekord derejeli boldy. 2022-nji ýylda bahalaryň ösüşi 1998-nji ýyldaky iň ýokary görkezijiden geçdi. Şol wagt ýurt ykdysady çökgünlige we durnuksyz koalision hökümetdäki özgertmelere sezewar bolupdy.