Azerbaýjanyň Prezidenti Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 29.06.2022 15:35
  • 9.8k+

Şu gün, 29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Arkadag» myhmanhanasynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler, bu gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolýar.
Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň barşynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlary söwda-ykdysady toplumyny, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamyny, oba hojalyk pudagyny, dokma, himiýa senagatyny we beýlekileri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlediler.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......