Ekin meýdanlaryna suw bermek üçin Kerkide dolandyryş merkezi dörediler

  • 28.06.2022 12:06
  • 12k+

27-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ekinleri suw bilen üpjün etmegiň talabalaýyk ýola goýulmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýer A.Ýazmyradowa ýakyn wagtda Kerki şäherine gitmegi we şol ýerde hemişelik esasda dolandyryş merkezini guramagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany suwuň ýagdaýyna görä, merkeziň göçme mejlisleriniň  geçirilmeginiň talabalaýyk boljakdygyny belläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen doly üpjün edilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezident bu baradaky gürrüňi dowam edip, obasenagat toplumynyň işini talabalaýyk ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwaryş akabalaryny, howdanlary talabalaýyk saklamak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini, bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça degişli gulluklar bilen bilelikde teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
952

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......