Italiýanyň demirgazygynda 70 ýylyň içinde iň güýçli gurakçylyk başlandy

Italiýanyň demirgazygynda 70 ýylyň içinde iň güýçli gurakçylyk başlandy

Italiýanyň demirgazygynda birnäçe sebitleri iýmitlendirýän Po derýasynyň suwy ortaça iýun görkezijisi bilen deňeşdirilende bäş esse azaldy. Suwuň derejesi görlüp-eşidilmedik gurakçylyk sebäpli soňky 70 ýylda iň pes derejä düşdi. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär diýip, centralasia.media belleýär.

Italiýanyň dört sebitiniň ýolbaşçylary sebitlerinde adatdan daşary ýagdaýy yglan etmäge taýýardyklaryny aýdýarlar. Çaklamalara görä, ýakyn aýlarda ýagdaý hasam ýaramazlaşar.
Neşiriň ýazmagyna görä, bu sebitde dört aý diýen ýaly ýagyş ýagmady we derýa käbir ýerlerinde ýöräp geçip bolar ýaly derejede peseldi. Ýerli ýaşaýjylara suw, şeýle-de derýada ýerleşen gidroelektrik stansiýalary işlemegini bes etse, elektrik togy bilen üpjünçiligiň kesilmek howpy abanýar.
Italiýanyň demirgazygyndaky käbir şäherlerde häkimiýetler suwuň tygşytly peýdalanylmagyny ýola goýdular. Ony diňe nahar taýýarlamak, ýuwunmak we egin-eşikleri ýuwmak üçin ulanmak bolýar.
Baweno şäheriniň häkimi Alessandro Monti gyssagly zerurlyk bolmasa, suwy ulanmagy gadagan edýän buýrugy çykarmaly bolandygyny aýdýar.
Eger gurakçylyk dowam etse, Po derýasynyň suwuny ulanýan ýerli fermerler meýdanlary suwaryp bilmezler, bu hem hasylyň bolmazlygyna sebäp bolar. Po derýasynyň deltasyna indi Adriatik deňzinden duzly suwuň gelýändigi üçin ýagdaý hasam ýaramazlaşýar. Sebäbi bu hem oba hojalyk ýerlerine zyýan ýetirip, suwy içmek üçin ýaramsyz edip biler. Häzirki wagtda gurakçylyk Demirgazyk-gündogar sebitlerine-de ýaýramak bilen, uly alada goýýar.