Werstappen Kanadanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 20.06.2022 10:29
  • 4.6k+

Kanadanyň Monreal şäherinde Žilnýa Wilnýow adyndaky awtodromda Kanadanyň Gran-prisi tamamlandy. Ýaryşyň ýeňijisi umumy sanawyň lideri, “Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen boldy. Ikinji orny “Ferrariniň” sürüjisi Karlos Saýns eýeledi. Üçlügi dünýäniň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton jemledi (“Mersedes”).

Formula-1. Kanadanyň Gran-prisi:

  1. Maks Werstappen (“Red Bull”);
  2. Karlos Saýns (“Ferrari”) +0,993;
  3. Lýuis Hemilton (“Mersedes”) +7,006;
  4. Jorj Rassel (“Mersedes”) +12,313;
  5. Şarl Lekler (“Ferrari”) +15,168;
  6. Esteban Okon (“Alpin”) +23,890;
  7. Fernando Alonso (“Alpin”) +24,945;
  8. Waltteri Bottas (“Alfa Romeo”) +25,247;
  9. Guanýuý Çžou (“Alfa Romeo”) +26,925;
  10. Lens Stroll (“Aston Martin”) +38,222...

Serhio Peres (“Red Bull”), Ýuki Sunoda (“Alfa Tauri”) we Mik Şumaher (“Haas”) pellehana ýetip bilmedi. 


10.07.2025 15:46
5.3k+

“Red Bull” “Formula-1-iň” toparynyň ýolbaşçysyny Werstappen bilen dawadan soň işden çykardy

Kristian Horner “Red Bull Reýsing” toparynyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy we baş direktoryň wezipe borçlaryndan boşadyldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, britaniýalynyň işden çykarylmagynyň sebäbi onuň toparyň esasy sürüjisi Maks Werstappen bilen uzaga çeken dawasy we häzirki möwsümde şowsuz netijeler boldy...

08.07.2025 10:57
3.6k+

Bred Pittiň düşen “Formula 1” ýaryş dramasy Apple-iň iň köp girdeji gazanan filmi boldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda düşürilen “Formula 1” filmi 10 günde 293,6 million dollar girdeji gazandy we Apple Studios-yň dünýä kinoteatr prokatynda iň köp girdeji gazanan taslamasyna öwrüldi diýip, Variety ýazýar...

07.07.2025 11:22
1.6k+

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris 6-njy iýulda Silwerstounyň ýaryş ýolunda geçirilen Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşyň soňky aýlawlarynda Norris 10 sekuntlyk jerime alan topardaşy Oskar Piastriniň pit-stopyndan soň öňdebaryjylyga çykdy...

02.07.2025 11:06
1.6k+

Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy

Formula-1-de Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryň promouteri Projekt Spilberg bilen täze ylalaşyk gazanylandan soň, 2041-nji ýyla çenli uzaldyldy. Muny "patyşalyk ýaryşlarynyň" metbugat gullugy yglan etdi. "Formula-1-iň köp ýyllaryň dowamynda “Red Bull Ringde” galjakdygyna begenýärin...