Werstappen Kanadanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 20.06.2022 10:29
  • 5k+

Kanadanyň Monreal şäherinde Žilnýa Wilnýow adyndaky awtodromda Kanadanyň Gran-prisi tamamlandy. Ýaryşyň ýeňijisi umumy sanawyň lideri, “Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen boldy. Ikinji orny “Ferrariniň” sürüjisi Karlos Saýns eýeledi. Üçlügi dünýäniň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton jemledi (“Mersedes”).

Formula-1. Kanadanyň Gran-prisi:

  1. Maks Werstappen (“Red Bull”);
  2. Karlos Saýns (“Ferrari”) +0,993;
  3. Lýuis Hemilton (“Mersedes”) +7,006;
  4. Jorj Rassel (“Mersedes”) +12,313;
  5. Şarl Lekler (“Ferrari”) +15,168;
  6. Esteban Okon (“Alpin”) +23,890;
  7. Fernando Alonso (“Alpin”) +24,945;
  8. Waltteri Bottas (“Alfa Romeo”) +25,247;
  9. Guanýuý Çžou (“Alfa Romeo”) +26,925;
  10. Lens Stroll (“Aston Martin”) +38,222...

Serhio Peres (“Red Bull”), Ýuki Sunoda (“Alfa Tauri”) we Mik Şumaher (“Haas”) pellehana ýetip bilmedi. 


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

21.05.2026 23:19
8.5k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....