Ahalyň täze merkezinde elektrobuslar we tokly taksiler hereket eder

Ahalyň täze merkezinde elektrobuslar we tokly taksiler hereket eder

18-nji iýunda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine nobatdaky saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde elektrobuslaryň we elektrik togy arkaly işleýän taksileriň hyzmatyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri öňe sürdi.

Hormatly Arkadagymyz daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gorap saklamagyň wajypdygyny belläp, ulaglaryň täze görnüşlerine sürüjileri hem-de olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesini içgin öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Arkadagymyz merkeziň köçeleriniň atlaryny görkezýän belgileriň yşyklandyryş ulgamynda nou-haularyň, sanly ulgamyň, energiýa tygşytlaýjy serişdeleriň ornaşdyrylyşyna degişli meselelere ýene bir gezek ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunda adamlar üçin döredilýän amatlyklaryň esasy orny eýelemelidigi möhüm talap bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz görkeziji belgilere degişli güwänamalaryň, patentleriň alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda degişli düzümler bilen bilelikdäki işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi.