ABŞ-da 5 ýaşdan kiçi çagalara COVID-19-a garşy sanjym edilip başlanar

  • 19.06.2022 18:14
  • 10k+

Indiki hepdeden, ABŞ-da bäş ýaşdan kiçi çagalara  COVID-19-a garşy sanjym edilip başlanar. Bu barada, Interfaks Associated Press-e salgylanyp habar berýär.

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik ediş we öňüni alyş merkezleri (CDC) şenbe güni Pfizer-iň we Moderna-nyň derman serişdelerini makullady. Pfizer-iň üç komponentli waksinasy alty aýdan dört ýaşa çenli çagalar, iki fazaly Moderna bolsa alty aýdan bäş ýaşa çenli çagalar üçin ulanylar. 
CDC makul bileninden soň, ABŞ-da 18 mln töweregi çaga sanjym alyp biler. COVID-19 pandemiýasynyň başyndan bäri, bäş ýaşa çenli çagalaryň 480 töweregi şu kesel sebäpli ýogaldy. 


28.06.2025 13:15
8k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy...

27.06.2025 17:46
3.6k+

ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy

Kaliforniýanyň 28 ýaşly ýaşaýjysy Nik Harufehiň görüşini sütün öýjüklerini oturtmak arkaly bölekleýin dikeltmek başartdy diýip, Daily Mail neşiri habar berýär. Harufeh bäş ýyl ozal ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramçylygynda şikes alypdyr...

20.06.2025 17:30
2.8k+

Amerikada robot ilkinji gezek ýürek operasiýasyny geçirdi

SS Innovations International kompaniýasy Amerikada ilkinji gezek kardiohirurgiýa üçin SSi Mantra 3 robotizirlenen ulgamynyň ulanylandygyny habar berdi. Operasiýa 2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda Guaýakildäki (Ekwador) Interhospital hassahanasynda geçdi...

26.05.2025 16:58
6.9k+

Seýrek keselli bäbegi özüne ýöriteläp döredilen derman serişdesi bilen halas etdiler

ABŞ-da gaty seýrek genetiki bozulmasy bolan çaga halas edildi. Alymlar onuň DNK-syndaky ýalňyşlygy düzedýän dermany işläp taýýarladylar. Bu diňe bir näsag üçin ýöriteläp derman döredilen ilkinji ýagdaýdyr diýip, “Bereg” neşiri ýazýar...