Bitkoin iki hepdäniň içinde 43% pese gaçdy

  • 19.06.2022 17:56
  • 8.4k+

19-njy iýuna geçilen gijesi bitkoin 2020-nji ýylyň dekabryndan bäri ilkinji gezek 17,6 müň dollara çenli arzanlady. Aşgabat wagty bilen sagat 11:40-a çenli ýagdaýa görä, birinji kriptowalýuta 18,2 müň dollar derejesinde söwdalaşylýar, geçen gije-gündiziň içinde onuň nyrhy 10% düşdi. Aktiwiň soňky pese gaçmasy iki hepde mundan öň başlanypdy, şol aralykda onuň bahasy 43% arzanlady. 

CoinGecko-nyň maglumatlaryna görä, gije-gündiziň dowamyndaky söwdalaşyklaryň möçberi 40 mlrd dollar bolanlygynda bitkoiniň kapitallaşdyrylmagy 349 mlrd dollara çenli kemeldi. 
Kriptowalýutanyň bazardaky paýy 41% bolup durýar.
Bitkoin 2021-nji ýylyň noýabrynda kesgitlenen aňrybaş 69 müň dollar taryhy bahasyndan  ep-esli pes nyrhdan söwdalaşylýar. Häzire çenli aktiw 74 % arzanlady. Geçen gije-gündiziň dowamynda iň iri altkoinler hem arzanlady. Ethereum-yň bahasy 11%, 955 dollara çenli peseldi, Binance Coin-iň nyrhy 9%, 192 dollara çenli düşdi. Bazaryň umumy kapitallaşdyrylmasy soňky 24 sagadyň dowamynda 8%, 852 mlrd dollara çenli pese düşdi.


23.05.2025 13:00
13k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

26.02.2025 09:35
8.8k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...

09.01.2025 14:15
3.8k+

Ethereum-yň esaslandyryjysy haýyr-sahawata 1 mln dollarlyk memkoin bagyş etdi

Ethereum-yň esaslandyryjylarynyň biri Witalik Buterin haýyr-sahawat maksatlary bilen köp mukdarda mem tokenlerden dynmagyny dowam etdirýär. Kriptomilliarder, takmynan, 984 000 dollar mukdarda memkoinleriň uly tapgyryny...

22.12.2024 13:23
4.7k+

Lýuks brendler kriptowalýuta töleglerini kabul edip başladylar

Ýakynda bitkoiniň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyndan soň, lýuks brendler kriptowalýuta arkaly tölegleri girizip başladylar diýip, Reuters habar berýär. Mysal üçin, Fransiýanyň uniwermaglar ulgamy Printemps öz dükanlarynda...