Finlýandiýada Ýewropadaky iň çalt superkompýuter işe girizilýär

  • 14.06.2022 20:08
  • 7.9k+

Duşenbe gününden Finlýandiýada iň çalt superkompýuter işe girizilýär, ol sentýabr aýyndan ýewropaly ulanyjylar üçin elýeterli bolar diýip, Ýewropa komissiýasy habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär

“Ýewropanyň ýokary öndürijilikli hasaplamalar boýunça bilelikdäki kärhanasy (EuroHPC) iň täze LUMI superkompýuterini hödürleýär. Ol Finlýandiýanyň Kaýaani şäherinde ýerleşýär. LUMI – bu Ýewropada iň çalt we energiýany sarp ediş nukdaýnazaryndan iň netijeli superkompýuter bolup, hasaplaýyş tizligi boýunça dünýäde üçünji orunda durýar” – diýlip, Ýewropa komissiýasy tarapyndan ýaýradylan beýanda aýdylýar. 

Kompýuter EuroHPC bilen Ýewropanyň 10 döwletiniň bilelikdäki tagallalary bilen döredildi: Belgiýa, Daniýa, Islandiýa, Norwegiýa, Polşa, Finlýandiýa, Şweýsariýa, Şwesiýa, Çehiýa we Estoniýa. 

“Uly möçberli hasaplaýyş mümkinçilikleriniň kömegi bilen LUMI ylmy öňegidişliklere, mysal üçin, lukmançylykda we klimat gözleglerinde hyzmat eder, bu – Ýewropada iň çalt superkompýuter we dünýädäki iň kuwwatly üç superkompýuteriň biri” – diýip, sanly tehnologiýalar boýunça Ýewropa komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Margrete Westager belleýär.

Bu superkompýuteriň iň ýokary güýjüniň 550 petaflos ýa-da sekuntda 550 mln mlrd hasaplama bolmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda Ýewropada eýýäm dört superkompýuter işleýär: Bolgariýada Discoverer, Lýuksemburgda MeluXina,  Sloweniýada Vega we Çehiýada Karolina. Ýene birnäçesi işe girizilmäge taýýarlanýar: Italiýada LEONARDO, Portugaliýada Deucalion we Ispaniýada MareNostrum 5.


27.10.2025 00:07
4.2k+

Ylmy barlaglaryñ netijesi: Tokaýlar bagtly bolmaga we durmuşdan kanagatlanmaga täsir edýär

Soňky ýyllarda dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawynda Finlýandiýa yzygiderli birinji orunda durýar. Şol bir wagtda ol Ýewropanyň iň tokaýly ýurtlarynyň biridir. Bu ýagdaý halkara alymlaryň ünsüni özüne çekdi — olar finleriň gündelik durmuşynda tokaýlaryň bagt duýgusyna gönüden-göni täsir edýändigini anykladylar...

24.09.2025 11:14
5.1k+

Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler

Arheologlaryň çaklamalaryna görä, gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň çäginden geçip baran bolup bilerler. Bu barada Aýwalygyň (Türkiýede kenarýaka şäher) kenarynda tapylan 138 sany daş gurallary maglumat berýär...

24.06.2025 12:13
5.2k+

Ýewropa kosmos agentligi Aýy we Marsy ilatlaşdyrmagyň meýilnamasyny hödürleýär

2040-njy ýyla çenli adamlar Marsda ýaşap başlap bilerler. Bu meýilnama Ýewropa kosmos agentligi (ESA) tarapyndan hödürlenen Strategy 2040-yň we Technology 2040 Vision-niň resminamalarynda yglan edildi. Maksatlaryň arasynda - orbital we planetar bazalary döretmek, özbaşdak ýaşaýşy goldamak ulgamyny we balyk ýaly iýmitleri ösdürip ýetişdirmek görnüşindäki  işleri  öz içine alýar...

15.06.2025 12:48
5.2k+

Ýewropanyň Solar Orbiter zondy ilkinji gezek Günüň günorta polýusyny görkezdi

Ýewropanyň Kosmos agentliginiň (ESA) Solar Orbiter zondy taryhda ilkinji gezek Günüň günorta polýusynyň suratlaryny we wideo ýazgysyny iberdi. Adatça, biz Güni diňe “gapdaldan” – onuň ekwatorynyň töwereginden görýäris...