«Mançester Siti» Holand bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi

  • 14.06.2022 08:22
  • 13k+

«Borussiýanyň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand öz karýerasyny “Mançester Sitide” dowam etdirer. Bu barada Angliýanyň toparynyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

Taraplar şertnamanyň ahyrky jikme-jikliklerini ylalaşdylar. 21 ýaşly hüjümçiniň şertnamasynyň möhleti 2027-nji ýyla çenli niýetlenýär.

“Bu meniň we meniň maşgalam üçin aýratyn gün. Men hemişe “Sitiniň” çykyşyny yzarlardym, sebäbi gowy görýärdim. Maňa kybap gelýän oýun stiline haýran galmak mümkin däl. Toparda dünýä derejesindäki oýunçylar köp, Pep Gwardiola bolsa iň gowy tälimçileriň biri. Men öz maksatlaryma ýetmek üçin dogry toparda. Men gol geçirip, baýrak gazanyp, futbolçy hökmünde kämilleşmek isleýärin” – diýip, Holand şertnama baglaşylandan soň aýtdy.

Holand 2019/20-möwsüminden “Borussiýa” üçin çykyş etdi. Nemes klubunyň düzüminde Germaniýanyň Kubogynyň eýesi boldy, 88 oýna gatnaşyp, 85 gol geçirdi. Mundan öň ol Norwegiýanyň “Molde” we Awstriýanyň “Zalsburg” toparynda oýnady.
2000 – 2003-nji ýyllar aralygynda futbolçynyň kakasy Alf-Inge Holand “Mançester Siti” üçin çykyş etdi. 


düýn 14:15
9.2k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......