Formula-1 2023-nji ýylda Günorta Afrikada Gran-pri geçirmegi meýilleşdirýär

  • 12.06.2022 22:40
  • 3.1k+

Formula — 1-iň ýolbaşçylary dünýä çempionatynyň indiki ýyl üçin senenamasyna Günorta Afrikany goşmaga çalyşýarlar we 2023-nji ýylda Günorta Afrika Respublikasynda Gran-pri geçirmek meselesiniň üstünde iş alyp barýarlar diýip, Daily Mail habar berýär. 

Indiki hepde Formula-1-iň ýolbaşçysy Stefano Domenikali meseläni jikme-jik maslahatlaşmak üçin gysga möhletli sapar bilen Günorta-Afrika Respublikasyna barmakçy bolýar. Eger 2023-nji ýylda boljak Gran-priniň geçirilişi ylalaşylsa, onda ýaryş Ýohannesburgyň golaýyndaky Gauteng welaýatynda ýerleşen 100 müň adamlyk Kýanlami awtodromynda geçer.
Afrika yklymynda dünýä çempionatynyň çägindäki soňky ýaryşyň 30 ýyl töweregi mundan owal geçendigini bellemegimiz gerek. Afrika Formula-1-iň Gran-prisini 1993-nji ýyldan bäri kabul etmändir.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....