Ýüz ýyl bäri ýiten hasaplanyp gelen Galapagos pyşdyly diri bolup çykdy

  • 12.06.2022 16:26
  • 39k+

Chelonoidis phantasticus ýa-da «äpet fantastik pyşdyl» Galapagos adalarynda ýaşaýan pyşdylyň görnüşidir, ol 1906-njy ýylda tapylan ýeke-täk nusgasy bilen mälimdi we köpden bäri ölüp gutaran hasaplanyp gelýärdi. Häzirki wagtda ol diri görnüşde tapyldy. Öz dogduk adasy Fernandinanyň şanyna Fernanda diýlip atlandyrylan bu pyşdyl mundan ýüz ýyldanam gowrak öň tapylan görnüşine meňzeş görlen, öz kowmynyň ýeke-täk wekili boldy.

Amerikanyň we Ýewropanyň genetikleri bir asyr töweregi mundan öň şol adadan tapylan nusgadan ezberlik bilen DNK aldylar we Fernanda bilen muzeýdäki pyşdylyň ikisiniň hem şol bir görnüşe degişlidigini hem-de olaryň genetiki taýdan beýleki galapagos pyşdyllaryndan tapawutlydyklaryny tassykladylar. Bu baradaky makala Nature Communication Biology žurnalynda çap boldy.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....