Ýewropada täze awtoulag kysymy peýda bolar

  • 11.06.2022 19:14
  • 24k+

Biz täze awtoulag brendleriniň, esasan, diňe Hytaýda çykýandygyna öwrenişipdiris. Ýewropa welin, köpden bäri bizi munuň ýaly täzelik bilen begendirmändi. Emma garşylalyň - Awstriýa Olymp Cars kysymly ulag çykardy.

Olymp Cars kompaniýasy eýýäm 2023-nji ýylyň ýazynda öz hususy platformasynda gurlan, Hephaistos diýip atlandyrylan özboluşly awtoulaglaryň önümçiligini ýola goýar. Ol ulaldylyp-kiçeldilýän görnüşde bolup, dürli ölçegdäki batareýalarda işläp bilýär. 
700 km geçiş ätiýaçlygy we motorynyň kuwwaty 350 a.g. bolan Hermes elektroulagy onuň ilkinji modeli bolar. Şonuň ýaly-da, geçiş ätiýaçlygy 600 km-den az bolmadyk 4,8 metrlik Ares elektriki ulagyny, Apollon we Athena sedanlaryny, Artemis elektriki pikapyny, Hera elektriki maşgala furgonyny hem-de Selena elektrik şäher awtoulagyny goýbermek meýilleşdirilýär.
Onsoňam, ilkibada markalaryň hatarynda elektromobiller peýda bolar, ýöne biraz soňrak wodorod hereketlendirijili görnüşler hem goşular. Geljekde şu ýangyjyň giň ýaýrajagyna Olymp Cars-yň ynamy uly.


düýn 19:02
1k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

düýn 14:52
1.7k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

07.05.2026 11:15
1.9k+

Ferrari Luce dünýäniň iň gymmat tapgyrlaýyn elektrokary adyna dalaş edýär

Ferrari markasynyň Luce diýlip atlandyrylan ilkinji doly derejeli elektromobili dünýäde iň gymmat seriýaly elektrokar bolup biler. Onuň deslapky bahasy 550 müň ýewro möçberinde çaklanylýar....

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....