Lebapda bolýan Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 10.06.2022 08:06
  • 11k+

9-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna baryp görmeginiň çäklerinde saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Germanowyň hem-de Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynyň baş lukmany S.Ýusubowyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.

Hormatly Arkadagymyz hassahananyň umumy ýagdaýy, şol sanda derman üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Köpugurly hassahananyň baş lukmany 676 orunlyk bu lukmançylyk edarasynyň bölümlerinde oturdylan lukmançylyk enjamlarynyň tehniki häsiýetnamalary, näsaglar bejerilende ulanylýan bejeriş usullary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli lukmançylygy kämilleşdirmek, ähli degişli düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynyň lukmanlarynyň paýtagtymyzdaky dürli ugurly halkara we ylmy-kliniki merkezleriň kärdeş hünärmenleri bilen tejribe alyşmaklarynyň ýola goýlandygy baradaky maglumaty kanagatlanma bilen kabul edip, şeýle iş tejribesini ähli welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň bu sebitiň ýaşaýjylary bilen bir hatarda, owgan halkyna hem lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenendigini belledi. Biziň ýurdumyz Owganystan bilen hemişe hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna eýerer, doganlyk halka degerli goldaw, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda netijeli ýardam berer.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowa hassahanalar üçin zerur enjamlary satyn almak meselelerini öwrenmegi tabşyrdy.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......