Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler

  • 10.06.2022 07:58
  • 13k+

Şu gün — 10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar. Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary 9-njy iýunda Moskwa baryp, döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Döwlet Baştutanynyň saparynyň öň ýanynda iki ýurduň resmi wekilleriniň duşuşyklarynyň geçirilmegi gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada ýakyndan pikir alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Hususan-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary nebitgaz senagaty, maliýe-bank ulgamy, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, saglygy goraýyş, gurluşyk, bilim ulgamlary boýunça netijeli gepleşikleri geçirip, rus tarapynyň wekilleri bilen anyk teklipleridir täze taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollary babatda jikme-jik pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik derejä eýe bolup, syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady kemala getirilip, özara hereketleriň giň toplumyny öz içine alýan ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler. Olaryň netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň toplumyna gol çekiler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......