Raşid Meredow Gazagystanda "Merkezi Aziýa - Hytaý" ministrler duşuşygyna gatnaşdy

  • 09.06.2022 06:12
  • 4.7k+

8-nji iýunda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda daşary işler ministrleriniň üçünji mejlisi tamamlandy. Onuň dowamynda bu formatdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanlary tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň nukdaýnazaryndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasy-diplomatik dialogyň netijeliligini belledi.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa – Hytaý ugry boýunça energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine möhüm orun berdi hem-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden Hytaýa iberýän tebigy gazynyň möçberini has-da artdyrmaga taýýardygyny nygtady.

Ulag hyzmatdaşlygy bilen bagly R.Meredow Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden günbatara tarap multimodal ulag gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň esaslydygyny we oňyn mümkinçiliklerini belledi. Bu ugurda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini ulanmak kanunalaýyk hasaplanýar. Duşuşygyň barşynda şeýle hem owgan meselesine, täze howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegine, pandemiýanyň täsirlerini azaltmak boýunça bilelikdäki işlere we beýleki wajyp meselelere aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, 2022-2025-nji ýyllar üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda özara arabaglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça başlangyç, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda sanly maglumat howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyç kabul edildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri HHR-iň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrleri hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. bilen duşuşyklary geçirildi, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri, sebit we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......