Owganystanda Akina - Andhoý demir ýolunyň galan bölegini gurmaga girişildi

  • 08.06.2022 00:41
  • 12k+

“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demir ýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 5-nji iýunda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin bardylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar ýaýratdy.

Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganystanyň Balh welaýatynyň Demir ýollar guramasynyň we beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 30 kilometre deň bolan bu demir ýoluň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlandy. Emma käbir sebäplere görä, şol sanda pandemiýa zerarly girizilen çäklendirmeler sebäpli, demir ýoluň 29 kilometri we 200 metri guruldy. Onuň galan 800 metriniň bir aýyň dowamynda gurlup tabşyrylmagyna garaşylýar.


şu gün 11:32
426

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......