Türkmenistanyň biržasy: bir hepdede 83 million dollarlyk 30 geleşik

  • 06.06.2022 12:05
  • 5.9k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 83 million dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da daşary ýurt puluna Hindistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň işewürleri nah ýüplügi we tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini satyn aldylar.

Hindistanyň, Türkiýäniň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 15 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 95 million 880 müň manatlykdan gowrak pagta übtügini we ulýugyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.


şu gün 01:20
1.1k+

Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň...

düýn 11:38
1.9k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

düýn 10:12
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

düýn 10:01
4.4k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...