Türkiýäniň häzirki häkimlik edýän partiýasy Ärdogany prezident saýlawlaryna dalaşgärlige hödürledi

  • 05.06.2022 15:24
  • 32k+

Häkimlik edýän Adalat we ösüş partiýasy şenbe güni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany 2023-nji ýylyň tomsunda geçjek prezident saýlawlaryna Halk birleşiginiň adyndan dalaşgärlige hödürledi. Bu barada şenbe güni partiýanyň gurultaýynyň jemleri boýunça  Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Omer Çelik žurnalistlere habar berdi.

“Halk birleşiginden dalaşgärlige biziň prezidentimiz Taýyp Ärdogan hödürlener. Bu barada biz gutarnykly pikire geldik” – diýip, ol belledi.

Türkiýede prezidentiň we mejlisiň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň iýunynda geçirmek meýilleşdirilýär. Häkimlik edýän Halk birleşigi bileleşigine Adalat we ösüş partiýasy hem-de Milletçilik hereketiniň ultrasagçy partiýasy girýärler. Şeýle-de bolsa, oppozisiýanyň partiýalary heniz öz dalaşgärleriniň atlaryny agzamadylar. Üstesine, oppozisiýanyň alty sany partiýa bileleşigi saýlawlary möhletinden öň geçirmeli diýip aýak direýärler.  


düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

08.06.2026 15:17
4k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......