Toyota demi duýýan täze ulgamy hödürledi

  • 03.06.2022 12:50
  • 19k+

Toyota Cabin Awareness diýip at alan täze howpsuzlyk konsepsiýasyny hödürledi. Onuň manysy awtoulagyň salonda adamlaryň ýa-da öý haýwanlarynyň galmazlygyna gözegçilik edip bilmegidir.

Munuň üçin ulag salondaky her bir hereketi hasaba alyp bilýän radary ulanar. Elektronika ýapyk ulagyň içinde çaganyň ýa-da, mysal üçin, itiň galandygyny aňan dessine, ol bu barada sürüjä habar berer. Eger ol hiç hili çäre görmedik ýagdaýynda, ulgam kömek üçin dessin gulluklara yşarat ugradar. Şunlukda, ýaponlar radaryň dem alyş ýa-da ýürek urgusy ýaly «mikrohereketleri» hem tutup bilýändigini ynandyrýarlar.
Cabin Awareness ilki bilen miniwen Toyota Sienna modeline oturdylar. Bu ulagyň saýlanmagy tötänden däl — Sienna-ny, köplenç, uly maşgalaly adamlar satyn alýar. Ýöne  geljekde Cabin Awareness-i krossowerlere we beýleki şoňa meňzeş göwrümdäki ulaglara hem goýup başlarlar.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......