В Турции продолжается подготовка к IV Всемирным играм кочевников

  • 03.06.2022 12:35
  • 13k+

29-njy sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda Türkiýäniň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda geçiriljek IV Bütindünýä çarwadarlar oýunlary Türkiýede sport ýaryşlaryny guramagyň taryhynda täze sahypany açar. Bu barada Bütindünýä çarwa oýunlarynyň we Türkiýäniň Däp bolan sport görnüşleri federasiýasynyň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Hakan Kazanji mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, guramaçylar Iznikde rekord derejede 300 müň gatnaşyjyny kabul etmäge taýýarlyk görýärler.

«Biz Iznik kölüniň kenarynda oýunlary geçirmek üçin 473 müň kw.metr meýdany enjamlaşdyrdyk. Bu ýere ýazmak üçin 50 müň tonna material sarp etdik. 4 müň ýük ulaglyk toprak dökmegi meýilleşdirýäris. Esasy münbere 5 müň tomaşaçy sygar. Başga-da münberler, göreş we ýaýdan ok atmak üçin meýdançalar gurnalar» diýip, ol aýtdy.

Kazanji guramaçylar ähli zatlary jikme-jik ölçerip-dökdüler diýip ynandyrýar. «500 at üçin atýatak, şeýle hem ýaýdan ok atmak üçin türgenleşik meýdançalary gurlar. Göreşden başlap, atly sporta we ýaýdan ok atmaklyga çenli, 40 gowrak sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bütindünýä çarwa oýunlary sportuň däp bolan görnüşlerini saklap galmaga ýardam berýär. Ýaryşlary görmäge gelenler milli aşhananyň tagamlaryndan dadyp görerler» — diýip, Kazanji aýtdy.
Olimpiadanyň özboluşly görnüşi hasaplanýan  Bütindünýä Çarwa Oýunlary ilkinji gezek 2014-nji ýylda Yssyk-Kölüň boýunda geçdi. Ilkinji oýunlara 19 ýurduň: Azerbaýjanyň, Awstriýanyň, Owganystanyň, Belarusyň, Braziliýanyň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, ABŞ-yň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň, Şwesiýanyň, Günorta Koreýanyň türgenleri gatnaşdy. 


04.05.2026 11:00
1.6k+

Туркменский кинематограф будет представлен на международном кинофестивале в Измире

Сегодня в турецком городе Измир в рамках III международного кинофестиваля Туран состоится показ туркменского кино....

03.05.2026 16:13
7.7k+

Объявлен прием кандидатов на 4-летнюю программу подготовки пилотов в Турции

АООТ «Авиакомпания „Туркменистан“» объявляет конкурсный прием на 4-летнее обучение по специальности «пилот» в Университет Турецкой авиационной ассоциации. Об этом сообщили в газете Türkmenistan....

28.04.2026 14:40
2.3k+

Парламент Турции ограничил детям до 15 лет доступ к соцсетям

23 апреля парламент Турции принял закон, запрещающий создавать аккаунты в социальных сетях детям, не достигшим 15-летнего возраста. Теперь платформы обязаны внедрить надежные системы верификации возраста и......

16.04.2026 10:30
4.1k+

Власти Турции планируют полностью запретить продажу табака

В Турции завершается разработка законопроекта, предусматривающего поэтапное ужесточение борьбы с курением вплоть до полного запрета реализации табака к 2040 году, сообщает издание Yeni Şafak....