Ýaponiýalylar gan arkaly Parkinson keselini anyklamak üçin dünýäde ilkinji barlagy döretdiler

  • 01.06.2022 09:52
  • 9.6k+

Gandaky biomarkerler arkaly Parkinson keselini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän dünýädäki ilkinji barlag Ýaponiýada döredildi. Bu oýlap tapyş keseli bejermegiň täze usullaryny işläp düzmäge mümkinçilik berer diýlip, Medical Xpress neşirinde çap edilen makalada aýdylýar. Bu barada MIR24 habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu barlag P450 fermentiniň reaksiýasyna esaslanýar. Onuň ekspressiýasy adamda saglygy bilen bagly haýsydyr bir näsazlyk ýüze çykyp başlanda üýtgeýär. Bu metabolitleriň sanyna we häsiýetlerine täsir edýär.
Hünärmenler Parkinson keseli üçin haýsy üýtgeşmeleriň häsiýetlidigini kesgitlediler we olary üstünlikli ýüze çykarýarlar. Neşiriň maglumatlaryna görä, diagnozyň takyklygy 88%-e çenli.
Bu usulyň lukmançylyk merkezlerinde ulanar ýaly tassyklanmagy üçin oýlap tapyjylara heniz uly nusgadaky netijeleri tassyklamak gerek.
Ýatlap geçsek, Parkinson keseli ýaýraýşy boýunça ikinji neýrodegeneratiw kesel hasaplanýar. Dünýädäki 60 ýaşdan uly adamlaryň 1 – 2%-i bu keselden ejir çekýär.


düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....