Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne baryp gördi

  • 01.06.2022 02:02
  • 17k+

31-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy.

Irden Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüniň öňündäki meýdançada garşylanyldy. Bu ýerde terbiýelenýän çagalar köpöwüşginli aýdym-sazly we tansly çykyşlaryny görkezdiler. Döwlet Baştutany kitaphana-muzeý toplumyna baryp gördi. Şol ýerde köp sanly kitaplar çagalaryň ygtyýaryndadyr. Muzeýde dürli serişdeler, şol sanda Döwletliler köşgüniň döredilmeginiň taryhy we onuň işi barada gürrüň berýän wideogörnüşli serişdeler goýlupdyr. 

Soňra hormatly Prezident bu terbiýelenýän çagalar bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz çagalara ýüzlenip, olaryň dynç alyşlary we boş wagtlaryny geçirişleri barada sorady, okuwda gazanýan üstünlikleri we okuw ýylyny nähili tamamlandyklary, Döwletliler köşgüniň uçurymlarynyň haýsy hünäri saýlap almak isleýändikleri bilen gyzyklandy. Öz nobatynda, çagalar sowallara jogap berip,  netijeli okamak, göwnejaý dynç almak we boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin döredilen ajaýyp şertler, özleriniň gyzyklanýan zatlary, sapaklardan daşary döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýandyklary, uçurymlar bolsa geljekki maksatlary, haýsy hünäri saýlap aljakdyklary barada gürrüň berdiler. 

Soňra baýramçylyk mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere sowgatlar gowşuryldy. 1-nji iýunda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşuryljakdygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 500 müň manadyň bölünip berlendigini nygtamak gerek. 


08.09.2025 11:16
2.9k+

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri - 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

6-njy sentýabrda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji konsertinde ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikleri, ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty, Watana söýgi, çagalaryň bagtyýar durmuşy wasp edildi...

08.09.2025 11:02
5.1k+

Aşgabatda “Ýaňlan, Diýarym - 2025!” telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy...

06.09.2025 13:22
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady...

06.09.2025 13:15
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi...