Türkiýede kowide garşy soňky çäklendirmeler aýryldy

Türkiýede kowide garşy soňky çäklendirmeler aýryldy

Türkiýede hassahanalardan daşary örtük dakynmak indi hökmany däl. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja habar berdi diýip, TASS belleýär. 

“Bassyr üçünji gün kesel hadysalarynyň gündelik sany müňden az. Biz islegimize görä jemgyýetçilik ulaglarynda örtükleri dakynman bilýäris. Hassahanalardan daşary örtük dakynmak hökmany däl. Şeýle-de bolsa, jemgyýetçilik ulaglarynda we köp adamly ýerlerde ýanyňyzda örtük bolsa has gowy bolar” – diýip, ministr öz Twitterinde ýazdy.

Geçen bir günde Türkiýede kowid bilen kesellemegiň 864 hadysasy hasaba alyndy, iki adam ýogaldy.
Öň, Türkiýäniň häkimiýetleri ýurtda kowide garşy çäklendirmeleriň kesel hadysalarynyň gündelik sanynyň bassyr üç gün müňden az bolan ýagdaýynda ýatyrylyp bilinjekdigini habar berdiler. Aprel aýynyň ahyrynda Türkiýede jemgyýetçilik ulaglarynda we lukmançylyk edaralarynda örtük düzgünini saklamak kararyna gelindi. Çäklendirmeleriň köpüsi mart aýynda aýryldy.