Dortmundyň «Borussiýasy» täze baş tälimçisiniň adyny mälim etdi

  • 24.05.2022 11:24
  • 13k+

Dortmundyň «Borussiýasy» täze baş tälimçisiniň adyny mälim etdi. Bu wezipä Edin Terziç bellenildi. 39 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti 2025-nji ýylyň tomsuna çenlidir. Gelip çykyşy horwat bolan nemes tälimçisi öňem 2020/21 möwsümde «Borussiýa» baştutanlyk edipdi, şondan soň klubuň tehniki direktorynyň wezipesine geçipdi.

Geçen möwsümde «Borussiýa D» Germaniýanyň çempionatynda ikinji ýeri eýeläpdi. Altyn medaly on gezek yzly-yzyna ýurduň çempiony bolan mýunhenli «Bawariýa» alypdy.
Dortmundyň klubunyň öňki baş tälimçisi Marko Roze 20-nji maýda wezipesinden boşadyldy. 45 ýaşly Roze geçen ýylyň tomsunda kluba ýolbaşçylyk etdi.
Edin Terziç oýunçy döwründe hüjümçiniň ornunda çykyş edip, aşaky ligalardaky nemes klublarynda oýnapdy. 2010-njy ýylda ýetginjekler toparynyň tälimçisi hökmünde «Borussiýa» gelipdi.  Soňra birnäçe ýyl «Beşiktaşda» we «West Hem Ýunaýtedde» tälimçiniň kömekçisi bolup işledi, ondan soň 2018-nji ýylda «Borussiýa» dolanyp geldi.


düýn 16:22
4.7k+

Donald Tramp FIFA-nyň täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan esaslandyrylan täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy. Ak tamyň ýolbaşçysyna baýragy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino gowşurdy...

düýn 16:19
6.8k+

Futbol boýunça DÇ-2026-nyň final tapgyrynyň bije çekilişigi geçirildi

Waşingtonda (ABŞ) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň ahyrky böleginiň bije çekilişigi geçirildi. Çärä ABŞ-nyň we Meksikanyň Prezidentleri Donald Tramp we Klaudiýa Şeýnbaum, şeýle-de Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni gatnaşdy...

02.12.2025 11:18
17k+

Ronaldu emeli aňly robot derwezebana gol geçirmek üçin 12 gezek synanyşmaly boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we saud “Al-Nasrynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu meşhur ylmy bloger Mark Roberiň topary tarapyndan döredilen emeli aňly robot derwezebana garşy gol geçirmek synanyşygyndan kynlyk bilen baş çykardy...

01.12.2025 11:50
6.7k+

UEFA Çempionlar ligasynyň oýnunda janköýerleriň hereketi üçin “Atletiko” jerime saldy

UEFA 22-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen myhmançylykdaky oýnunda Madridiň “Atletikosynyň” janköýerleriniň gatnaşmagynda bolup geçen wakalardan soň kluba garşy sanksiýalary yglan etdi. Çözgüt guramanyň Gözegçilik, tertip-düzgün we ahlak komissiýasy tarapyndan kabul edildi diýip, AS habar berýär...