Dortmundyň «Borussiýasy» täze baş tälimçisiniň adyny mälim etdi

  • 24.05.2022 11:24
  • 13k+

Dortmundyň «Borussiýasy» täze baş tälimçisiniň adyny mälim etdi. Bu wezipä Edin Terziç bellenildi. 39 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti 2025-nji ýylyň tomsuna çenlidir. Gelip çykyşy horwat bolan nemes tälimçisi öňem 2020/21 möwsümde «Borussiýa» baştutanlyk edipdi, şondan soň klubuň tehniki direktorynyň wezipesine geçipdi.

Geçen möwsümde «Borussiýa D» Germaniýanyň çempionatynda ikinji ýeri eýeläpdi. Altyn medaly on gezek yzly-yzyna ýurduň çempiony bolan mýunhenli «Bawariýa» alypdy.
Dortmundyň klubunyň öňki baş tälimçisi Marko Roze 20-nji maýda wezipesinden boşadyldy. 45 ýaşly Roze geçen ýylyň tomsunda kluba ýolbaşçylyk etdi.
Edin Terziç oýunçy döwründe hüjümçiniň ornunda çykyş edip, aşaky ligalardaky nemes klublarynda oýnapdy. 2010-njy ýylda ýetginjekler toparynyň tälimçisi hökmünde «Borussiýa» gelipdi.  Soňra birnäçe ýyl «Beşiktaşda» we «West Hem Ýunaýtedde» tälimçiniň kömekçisi bolup işledi, ondan soň 2018-nji ýylda «Borussiýa» dolanyp geldi.


düýn 14:33
9.7k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......