Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlaryny Aşgabada çagyrdy

  • 20.05.2022 19:09
  • 20k+

19-njy maýda günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesi nygtaldy. Munuň özi taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň täze, netijeli guralyny döretmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde golaýda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksada laýykdygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlaryny Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.


11.01.2026 14:11
7.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky işler bilen tanyşdy

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi...

31.12.2025 13:43
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy körpeler üçin çäre gurady

30-njy dekabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze, 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda dabaraly çäre geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen çärä “Jahan” döredijilik merkeziniň körpeleri gatnaşdylar...

31.12.2025 09:23
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen 2025-nji ýylyň jemini jemlediler we geljek ýylyň çärelerini maslahatlaşdylar

30-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

30.12.2025 16:22
6.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen 2026-njy ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdy

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly...