«Aýntraht» UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

  • 19.05.2022 04:21
  • 13k+

«Aýntraht» nemes futbol kluby final duşuşygynda Şotlandiýanyň «Glazgo Reýnjers» klubuny ýeňip, UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolmagy başardy.

Duşuşyk Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde «Roman Sançes Pishuan» stadionynda geçirildi.
Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasap bilen tamamlandy. Oýunda hasaby «Reýnjersden» Jo Aribi 57-nji minutda açdy. 69-njy minutda «Aýntrahtdan» Rafael Borre hasaby deňledi.
Goşmaça wagtda gol geçirilmedi. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda «Aýntraht» 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy.
Nemes kluby taryhynda ikinji gezek bu baýragy gazandy. Öň, klub 1980-nji ýylda UEFA Kubogyny gazanypdy (2009-njy ýylda bu baýrak UEFA Ýewropa ligasy diýlip üýtgedildi). Bu ýeňşi mynasybetli «Aýntraht» taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.


şu gün 13:42
1.1k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......